Şu ýy­lyň do­wa­myn­da Ha­zar deň­zi — Ga­ra de­ňiz hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­ dört­ta­rap­la­ýyn hö­kü­me­ta­ra şert­na­ma gol çekiler

Şu ýy­lyň do­wa­myn­da Ha­zar deň­zi — Ga­ra de­ňiz hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­ dört­ta­rap­la­ýyn hö­kü­me­ta­ra şert­na­ma gol çekiler. Bu barada ­Türkmenistan gazetiniň şu günki – 25-nji iýulyndaky sanynda neşir edilen «Slo­wa­ki­ýa­da we Ru­my­ni­ýa­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­di» atly makalada habar berildi.

         Bu­ha­rest­de Türk­me­nis­ta­nyň hem Ru­my­ni­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da gu­ra­lan sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­riň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn gün ter­ti­bi­niň mö­hüm ugur­la­ry, hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Ta­rap­lar ener­ge­ti­ka, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, suw ho­ja­ly­gy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gyň uly gel­je­gi­niň bar­dy­gy­na ün­si çek­di­ler.

         A.Gur­ba­no­wyň Ru­my­ni­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri L.Odo­bes­ku, Ulag we inf­rast­ruk­tu­ra mi­nistr­li­gi­niň döw­let sek­re­ta­ry A.Fo­giş, Mil­li bi­lim mi­nistr­li­gi­niň döw­let sek­re­ta­ry G.Pa­ras­kiw, «Ru­my­ni­ýa — Türk­me­nis­tan» par­la­men­ta­ra dost­luk to­pa­ry­nyň baş­ly­gy K.Kol­çar bi­len ge­çi­ren gep­le­şik­le­rin­de sy­ýa­sy, ulag, bi­lim, par­la­ment ugur­ly gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ta­rap­lar ulag ul­ga­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn iş to­par­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne ün­si çe­kip,

şu ýy­lyň do­wa­myn­da Bu­ha­rest­de Ha­zar deň­zi — Ga­ra de­ňiz hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek ha­kyn­da dört­ta­rap­la­ýyn hö­kü­me­ta­ra şert­na­ma gol çek­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

         Ru­my­ni­ýa­nyň Mil­li bi­lim mi­nistr­li­gi­niň döw­let sek­re­ta­ry bi­len du­şu­şyk­da bol­sa söhbetdeşler gel­jek­de Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­rin­de ru­myn di­li hü­nä­ri­ni aç­mak müm­kin­çi­li­gi­ni öw­ren­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Şeý­le-de sa­pa­ryň çäk­le­rin­de bu dost­luk­ly ýurt­da bi­lim al­ýan türk­men ta­lyp­la­ry bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Ответить