Bra­tis­la­wa­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türkmen-slowak to­pa­rynyň no­bat­da­ky mej­li­si­ ge­çir­iler

Geljek ýylda Bra­tis­la­wa­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türkmen-slowak to­pa­rynyň no­bat­da­ky mej­li­si­ ge­çir­iler. Bu barada ­Türkmenistan gazetiniň şu günki – 25-nji iýulyndaky sanynda neşir edilen «Slo­wa­ki­ýa­da we Ru­my­ni­ýa­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­di» atly makalada habar berildi.

         Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry A.Gur­ba­no­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Slo­wa­ki­ýa Res­pub­li­ka­syn­da sa­par­da bol­dy. Türk­men ta­ra­py Bra­tis­la­wa­da Slo­wa­ki­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň döw­let sek­re­ta­ry M.Eş­tok, Yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň döw­let sek­re­ta­ry W.Şi­mon­ýak, ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň dip­lo­ma­tik me­se­le­ler bo­ýun­ça ge­ňeş­çi­si Ý.Ku­biş, Mil­li Ge­ňe­şi­niň Da­şa­ry iş­ler bo­ýun­ça ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy M.Ke­ri, Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy P.Mi­hok bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Ola­ryň bar­şyn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, me­de­ni-yn­san­per­wer, par­la­men­ta­ra ugur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­ny­lyp, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­si­ni gel­jek ýyl­da Bra­tis­la­wa­da ge­çir­mek bel­le­nil­di.

           Bu­ha­rest­de Türk­me­nis­ta­nyň hem Ru­my­ni­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da gu­ra­lan sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­riň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn gün ter­ti­bi­niň mö­hüm ugur­la­ry, hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Ta­rap­lar ener­ge­ti­ka, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, suw ho­ja­ly­gy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gyň uly gel­je­gi­niň bar­dy­gy­na ün­si çek­di­ler.

Ответить