Afrika Russiýadan nebit satyn aldy

Afrika Russiýadan nebit satyn aldy. 2023-nji ýylyň ahyrynda-da Afrika ýurtlary Russiýadan 17,6 tonna nebit önümini satyn aldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,5 esse köp. TASS bu barada Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Dmitriý Semenowa salgylanyp habar berdi.

         Habarda Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Dmitriý Semenowanyň «Üpjünçilikde gowy dinamika bar. Deňeşdirmäniň pes görkezijisi kä ýerde öz täsirini görkezýär, ýöne muňa garamazdan, energiýa eksportyna gönükdirmek meselelerini çözmäge goşant goşýar» — diýen sözüne aýratyn orun berilýär.

Ответить