Hytaý rus döküniniň importyny artdyrdy

Ýanwar-iýun aýlarynda Hytaýyň Russiýadan dökün importyny 20 göterim ýokarlanyp, 764 million dollara ýetdi. Bu barada «РИА Новости» Hytaý gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

         Iýun aýynda žurnalistler Russiýa Federasiýasyndan dökün satyn alyş möçberiniň 28 göterim ýokarlandygyny anykladylar. Satyn alnan dökünleriň esasy bölegi kaliý dökünidir. Bu döküniň satyn alynýan möçberi her çärýek artyp, häzir 662 million dollara ýetdi.

         Ýylyň birinji ýarymynda Russiýa Hytaýa dökünleri iň köp eksport ediji boldy. Şeýlelik bilen, Russiýa bu ugurdaky eksport gymmaty 985 million dollardan 481 million dollara çenli azalan Belarussiýadan öňe geçdi. Kanada 406 million dollarlyk döküni bilen Hytaýa üçünji  dökün eksport ediji ýurt bolup durýar.

Ответить