Eýranyň goňşy döwletleri bilen söwda dolanyşygy 19 milliard dollardan geçdi

Şu ýylyň ilkinji dört aýynda (Eýran senenamasynda 21-nji martdan  häzire çenli), Eýranyň goňşy ýurtlar bilen söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 göterim ýokarlandy we 19 milliard 820 million dollar boldy. Bu barada «report.az» web saýty Eýranyň «Mehr» habarlar agzentliginiň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

         Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkezijiniň 18 milliard 687 million dollardygy habar berildi.

         Goňşy ýurtlar bilen söwda gatnaşyklary soňky dört ýylda ösdi we 60 milliard 700 million dollar boldy. Dört ýyl ozal bu görkeziji 36 milliard 500 million dollardy.

         Eýran Aziýa yklymynda ýerleşýän ýurt hökmünde Yrak, Türkiýe, Azerbaýjan, Türkmenistan, Ermenistan, Kuweýt, Katar we Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Päkistan, Owganystan, Oman, Russiýa, Gazagystan we Bahreýn ýaly 15 ýurt bilen serhetdeş. Goňşularynyň arasynda Eýranyň iň gowy bäş söwda hyzmatdaşy, adatça BAE, Türkiýe we Yrak bar.

         Eýran Yrak, Türkiýe, Azerbaýjan, Türkmenistan, Ermenistan, Kuweýt, Katar, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Päkistan, Owganystan, Oman, Russiýa, Gazagystan we Bahreýn ýaly 15 ýurt bilen serhetleşýär. Maglumatlara görä, hasabat döwründe goňşularyň arasynda Eýran esasan Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe we Yrak bilen iň köp söwda gatnaşyklaryna amala aşyrypdyr.

Ответить