Türkmen-gyrgyz ösüş gaznasyny döretmek boýunça işler dowam etdirilýär

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda Türkmen-gyrgyz ösüş gaznasyny döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndaky sanynda neşir edilen «Bilelikdäki tagallalar — anyk maksatlara» atly makalada habar berildi.

         Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde  25-nji iýulda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisinde taraplar  Türkmen-gyrgyz ösüş gaznasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Bu düzüm iki döwletiň işewür toparlaryny birleşdirip, bilelikdäki kärhanalary döretmäge itergi berjek möhüm gural bolup hyzmat eder. Ýeňil senagat Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýar. Şoňa görä, gyrgyz tarapy türkmen dokma önümleriniň ýokary hilini ýurduň tikinçilik senagatynyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyryp, bu ugurda öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak baradaky teklibi öňe sürdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, öz gezeginde, beýan edilen teklipler babatda anyk çäreleriň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirip, halklarymyzyň dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan özara gatnaşyklaryň mazmun taýdan anyk ugurlar boýunça baýlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Ответить