Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki 8-nji ýaryşy Latwiýanyň Liepaža şäherinde geçirildi

Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki 8-nji ýaryşy Latwiýanyň Liepaža şäherinde geçirildi. Bu barada «Zaman Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndaky sanynda neşir edilen «Çempionyň yzly-yzyna 2-nji ýeňşi» atly makalada  habar berildi.

         20 aýlawdan ybarat bolan 300,13 kilometrlik ýaryşda soňky 2 möwsümiň çempiony Kalle Rowanpera ýeňiş gazandy. «Toyota Gazoo» toparynyň fin sürüjisi ýaryşy 2 sagat 31 minut 47,6 sekuntda tamamlady. Bu onuň bassyr 2-nji möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 14-nji ýeňşidir. Ýaryşda ýeňijiden 39,2 sekunt giç pellehana gelen «Toyota Gazoo» toparynyň başga bir sürüjisi, fransiýaly Sebastian Ožie 2-nji orna mynasyp boldy. «Hyundai Shell Mobis» toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak ýeňijiden 1 minut 4,5 sekunt yza galyp, 3-nji ýeri eýeledi. «M-Sport Ford» toparyndan fransiýaly Adrien Furmonyň 4-nji ýeri eýelän ýaryşynda sanawyň lideri belgiýaly Tierri Noýwill («Hyundai Shell Mobis») 8-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.

         Möwsümiň tamamlanmagyna 5 ýaryş galanda, sürüjileriň sanawynda Tierri Noýwill 145 utuk bilen 1-nji orny eýeläp gelýär. 137 utugy bolan Ott Tanak 2-nji, 132 utukly Elfin Ewans 3-nji orunda barýar. Sebastien Ožieniň 4-nji, Adrien Furmonyň 5-nji orunda barýan sanawynda soňky 2 ýaryşyň ýeňijisi, häzirki çempion Kalle Rowanpera 86 utuk bilen 6-njy ýeri eýeleýär. Möwsümiň 9-njy ýaryşy 1-nji awgustda Finlýandiýanyň Ýuýaskýulýa şäherinde geçiriler.

Ответить