«Galkynyş» gaz käninde goşmaça gaz guýularyny burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär
«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynda önüm berýän gaz guýularynyň goşmaça guýularyny burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 27-nji iýulyndaky sanynda habar berildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 2024-nji ýylyň 26-nji iýulynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny goňşy we sebit döwletlerine bökdençsiz ibermekde çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynda önüm berýän gaz guýularynyň goşmaça guýularyny burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, olaryň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek zerur bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça teklibi goldaýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.