XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny hytaýly türgenler gazandy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny hytaýly türgenler Huan Ýuýtin bilen Şen Lihao gazandy. Bu barada «russian.news.cn» web neşiri habar berdi.

         «russian.news.cn» web neşiriniň maglumatlaryna görä,  XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji altyn medal ugrundaky bäsleşik pnewmatik tüpeň bilen ok atmak ugrundaky ýaryş boldy. Bu ýaryşda garyşyk ýagny erkek hem-de zenan türgenden ybarat bolan toparlar bäsleşdi. Şonda Hytaýyň türgenleri Huan Ýuýtin we Şen Lihao altyn medal gazanyp, öz ýurdunyň hem-de Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny gazandy. Ýaryşda Günorta Koreýanyň türgenleri kümüş medal, Gazagystanyň türgenleri bolsa bürünç medal gazandy.

         XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň birinji gününiň netijeleri boýunça medallaryň sanawynda Awstraliýa birinji orna geçdi. Bu ýurduň türgenleri 3 altyn we 2 kümüş medal gazandy. Ikinji orny 2 altyn we 1 bürünç medal gazanyp, hytaýly türgenler eýeledi. Üçünji orna 1 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal gazanan ABŞ-niň türgenleri mynasyp boldy. Şeýlelikde, birinji günüň netijeleri boýunça 20 döwletiň türgenleri dürli görnüşdäki medallary gazanmagy başardylar.

Ответить