Dünýä bazarynda kofe bahasy örän çalt depginde gymmatlaýar

Häzirki wagtda dünýä bazarynda kofäniň bahasy örän çalt depginde gymmatlamagyny dowam etdirýär. Bu barada «Biznes reklama» gazeti habar berýär.

         Kofe bahalary eýýäm soňky 15 ýyllykdaky rekordy täzeledi. Dowamly gymmatlamadan soňra kofäniň bahasy her tonna üçin ortaça 4 müň 300 amerikan dollaryna ýetdi. Bu bolsa soňky 15 ýyllykdaky record görkezijidir.

         Hususan-da, iň gymmat görnüşleriň biri bolan «Arabicanyň» dünýä bazaryndaky bahasy 2024-nji ýylyň dowamynda 30 göterim ýokarlandy. Iň arzan görnüşleriň biri bolan «Robusta» bolsa geçen ýyldakydan 65 göterim gymmatlady.

Ответить