Koreýa maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň eksportyny artdyrýar

Koreýa Respublikasy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna degişli harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny artdyrýar. Bu barada «Biznes reklama» gazeti habar berýär.

         Koreýa Respublikasy 2024-nji ýylyň iýun aýynda umumy bahasy 21,05 milliard amerikan dollaryna barabar maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly harytlary we hyzmatlary eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 31,1 göterim köpdür. Eksportyň 49,4 göterimi ýa-da 13,44 milliard amerikan dollary ýarymgeçirijileriň paýyna düşýär. 2024-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynyň maglumatlaryna ser salanymyzda, Koreýa Respublikasy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna degişli harytlaryň we hyzmatlaryň 108,9 milliard amerikan dollarlygyny daşarky bazarlara iberipdir. Ýeri gelende bellesek, hasabat döwründe Wýetnam, Hytaý we Gonkong Koreýa Respublikasyndan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly harytlary we hyzmatlary iň köp import eden döwletler boldy.

Ответить