Donald Tramp «Bitcoin 2024» konferensiýasyna gatnaşdy

ABŞ-niň Prezident saýlawyna dalaşgär Donald Tramp «Bitcoin 2024» konferensiýasyna gatnaşdy. Bu barada «aniq.uz» web saýty  habar berdi.

         Donald Tramp konferensiýada çykyş edip: ««Bitcoin» adamzadyň gudratly üstünligidir. Bir gün Bitcoin maýa goýumlaşdyrma nukdaýnazaryndan altyndan öňe geçer we ABŞ saýýaramyzyň kriptowalýuta paýtagtyna öwrüler. Meniň ABŞ-niň Prezident saýlawynda ýeňiş gazanmagym bilen «Bitcoin» we kriptowalýuta bahasy öň görlüp-eşidilmedik derejelere çykar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hytaýdan we beýleki döwletlerden öň kriptowalýuta  giňişligine gözegçilik etmeli. Kriptowalýutalar boýunça degişli çäreleri görmeli. «Bitcoin» ABŞ-niň dollary üçin howp däldir. ABŞ-niň dollaryna berkidilen köp sanly durnukly steýblkoin pullaryny-da çykararys, milliardlarça adam olary ulanyp biler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine girişenimden soň, «Bitcoin» we beýleki kriptowalýutalar boýunça maslahat geňeşini dörederin» — diýip belledi.

Ответить