Koreýa – Hytaý – Gazagystan – Özbegistan ugry boýunça synag otlusy işe girizildi

Lianyungan portundaky Gazagystan-Hytaý logistika terminalynda Koreýa-Hytaý-Gazagystan-Özbegistan ugurlarynda synag otlyny işe girizmegiň resmi dabarasy geçirildi. «Kazinform» agentligi bu barada «Gazagystan temír ýoly» paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

         «Kazinform» agentliginiň habar bermegine görä, halkara söwda hyzmatdaşlygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu çärä dört ýurduň demir ýol pudagynyň wekilleri gatnaşdy.

         Uzynlygy 7 müň kilometre barabar bolan, awtoulag ätiýaçlyk şaýlary ýüklenen otly kerweni, ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açar.

         Bilelikdäki multimodal ýük daşamagy ösdürmek baradaky umumy islegi görkezýän bu taslama sebitara söwda hyzmatdaşlygynda täze sahypa açýar.

Ответить