«Skytrax» guramasy  dünýäniň iň arassa howa menzilleriniň sanawyny düzdi

«Skytrax» guramasy  dünýäniň iň arassa howa menzilleriniň sanawyny düzdi.

Sanawyň ilkinji onlugyndan orun alan howa menzilleriniň 9 sanysy Aziýa yklymynyň ýurtlarynda ýerleşýär.

Sanawda 1-nji orna Ýaponiýanyň paýtagtynda ýerleşýän «Honeda» howa menzili mynasyp görüldi. Şeýle-de Ýaponiýanyň ýene 3 sany howa menzili sanawyň ilkinji onlugyna girmegi başardy. Has takygy, sanawda Nagoýa howa menzili 5-nji, Narita howa menzili 6-njy hem-de Kansai howa menzili 7-nji orny eýeledi.

Mundan başga-da, sanawda Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda ýerleşýän «Inçeon» howa menzili 2-nji basgançakdan, Singapuryň «Çangi» howa menzili bolsa 3-nji basgançakdan orun aldy. Kataryň Doha şäherindäki «Hamad» howa menzili 4-nji, Gonkongyň howa menzili 8-nji, Taýwanyň howa menzili bolsa 9-njy ýerde ornaşdy.

Sanawyň ilkinji onlugyny Şweýsariýanyň Sýurih şäherindäki howa menzili jemledi.

Ответить