Özbegistan bilen Russiýa özara söwda dolanyşygyny 30 milliard dollara  çenli artdyrmagy maksat edinýär

Özbegistan bilen Russiýa özara söwda dolanyşygyny 30 milliard dollara  çenli artdyrmagy maksat edinýär. Bu barada «Kun.uz» web saýty habar berdi.

          Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygyny artdyrmak babatda gepleşikler geçirildi. Degişli maksada ýetmek üçin ýakyn wagtda söwda şertnamalarynyň we ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini aňsatlaşdyrjak Özbegistanyň Russiýadaky doly ygtyýarlyga eýe söwda wekilhanasy işe başlar.

         Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň jemlerine görä, özbek-rus söwda dolanyşygy 9,88 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şu ýylyň başyndan bäri bolsa iki ýurduň özara söwdasy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30 göterim ýokarlandy.

Ответить