Ýaponiýada dünýäniň ilkinji agaç emeli hemrasy taýýarlanyldy

Ýaponiýada dünýäniň ilkinji agaç emeli hemrasy taýýarlanyldy. Bu barada «3dnews.ru» web saýty habar berdi.  

         Ýaponiýanyň Kýoto uniwersitetiniň we Sumitomo tokaý hojalygy korporasiýasynyň bilelikdäki gözleg topary agaç emeli hemrany taýýarlamaga 2020-nji ýylyň aprelinde girişdi. Şeýle emeli hemrany döretmekden maksat daşky gurşawy goramak baradaky tagallalardan ybaratdyr. Sebäbi agaç emeli hemra älem giňişligindäki wezipesini tamamlandan soňra Ýere dolanan mahaly atmosfera giren badyna doly ýanyp ýok bolýar. Bu bolsa atmosfera zyýanly galyndylaryň zyňylmagynyň öňüni alýar.

         Ýeri gelende bellesek, ýapon hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan emeli hemra örän ykjam bolup, onuň agramy bary-ýogy 1 kilograma deňdir.

         Dünýäniň ilkinji agaç emeli hemrasyny ýaponlar ýakyn wagtda äleme uçurmagy maksat edinýärler.

Ответить