ABŞ-niň inženerleri sowadyjy häsiýetli täze görnüşli matany oýlap tapdylar

ABŞ-nyň Çikago uniwersitetiniň Pritsker molekulýar inženerçilik mekdebiniň inženerleri sowadyjy häsiýetli täze görnüşli matany oýlap tapdylar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda neşir edilen № 26 (720) sanynyň 5-nji sahypasyndaky «Täze görnüşli mata» atly makalada habar berildi.

            Täze önüm üç gatlakdan ybaratdyr. Onuň daşky gatlagy ýylylygyň atmosfera çykmagyna mümkinçilik berýär, kümüş sapaklardan ybarat aralyk gatlagy daşardan ýylylygyň girmegine böwet bolýar. Iň içki gatlagy bolsa adam bedeniniň bölüp çykarýan ýylylygyny aradan aýyrmaga ukyplydyr.

Şeýlelikde, matanyň Gün şöhlesiniň we ýylylygyň 97 %-ni saklaýandygy we bedeniň temperaturasyny pes saklap bilýändigi subut edildi. Täze matanyň ulaglaryň köplügi zerarly bizi gurşap alýan gyzgyn howanyň täsirinden hem goramagyna bil baglanylýar. Oýlap tapyşyň awtorlary matanyň tomus egin-eşiklerini taýýarlamakda, awtoulagyň oturgyçlaryna daşlyk çekmekde we ýeňil torbalaryň önümçiliginde ulanylyp bilinjekdigini tassyklaýarlar.

Ответить