Tandem Gün enjamynyň elektrik öndürijiligi 34,6% derejä ýetdi

«www.pv-magazine.com» web saýtynyň habar bermegine görä, Tandem Gün enjamynyň elektrik öndürijiligi 34,6% derejä ýetdi.  Ýeri gelende bellesek, adaty täjirçilik maksatly şeýle öýjükleriň netijeliligi 22 %-den 25 %-e çenlidir. Şeýlelik bilen, has täsirli fotoelektrik tehnologiýalarynyň ösüşinde täze dünýä rekordy bellige alyndy.

            Bu netijelilik ýagtylygyň göterimini elektrik energiýasyna öwrüp boljakdygyny mälim edýär. Şeýlelikde, bu rekordy Ýewropa Bileleşiginiň «Ýewropanyň Gün synag gurluşy» atly guramasy tassyklady. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şu ugurdaky ozalky rekordyň 33,9 % bolandygyny habar berýärler.

            Nobatdaky rekord Hytaýyň «Longi» atly öndüriji tarapynyň tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri esasynda goýuldy. Ozalky rekordyň hem şu kompaniýa degişlidigini nygtamak gerek. Şeýle modul kremniý esasly öýjükleriň we perowskit binýatly Gün öýjükleriniň utgaşmasydyr.

Arassa kremniý öýjükleri üçin iň ýokary nazary netijelilik fizikanyň kanunlary esasynda 29,4% bolup durýar. Şol sebäpden hem täze rekord geljegiň iri taslamalarynyň gözbaşy bolup biler.

Ответить