Agyz boşlugynyň arassalygy – dişleriň sagdynlygy

Agyz boşlugynyň arassalygy – dişleriň sagdynlygydyr. Dişiň çüýremeginiň öňüni almagyň iň täsirli ýoly ony wagtly-wagtynda arassalamakdan ybaratdyr.

         Dişi wagtly-wagtynda ýuwmagyň ähmiýetli bolşy ýaly, öz ýaşyňyza görä diş pastasyny we çotgasyny saýlamak hem ähmiýetlidir. Lukmanlar islendik ftorly diş pastasynyň ulanylyp bilinjekdigini belleýärler. Esasy zat dişi bolmalysy ýaly çotgalamaga üns bermeli. Dişi çotgalamagy kiçilikden endik edinmek ulalansoň hem dişiňiziň saglygyny goramaga ýardam eder.

         Sagdyn dişler ýylgyryşyň ajaýyp bezegdir. Irki döwürlerde adamyň saglygy we iş ukyby dişler bilen kesgitlenýärdi. Häzirki wagtda owadan ýylgyryş adamyň özüne çekijiliginiň möhüm aýratynlygydyr. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ýola goýmagy aňsatlaşdyrýar, jemgyýetde üstünlik gazanmaga kömek edýär. Kitaplarda dişleriň iýmitlenmäge hyzmat edýän agyz boşlugynda süňk emele gelýändigi aýdylýar. Mundan başga-da, köp sesleriň aýdylyşynda möhüm rol oýnaýarlar.

         Dişler diş jübüsinde ýerleşýär. Diş etiniň esasy wezipesi dişleriň gowşamagyndan we ýykylmagyndan goramakdyr. Nahar iýlende iýmit bölejikleri dişe ýelmeşýär. Şeýlelikde, dişiň daşynda iýmit gatlagy emele gelýär. Bu gatlagy wagtynda aýyrmasaň, agyz boşlugynda bakteriýalar köpelip başlaýar. Bu bakteriýalar glýukozany özüne siňdirip, süýt turşulygyny bölüp çykarýarlar. Esasan, süýji iýmitler köp iýilse we wagtynda arassalanmasa, dişiň syrçasyna zeper ýetýär.

         Dişiňi irden ertirlikden soňra hem-de agşam ýatmazdan öň üç minutlap çotgalamak maslahat berilýär. Diş pastasynyň noýba ýalysy ýeterlik hasap edilýär. Alyn we azy dişleriňiziň iki gapdalyny we üstüni mazaly çotgalamagy unutmaň! Gerek bolan halatynda ululardan dişiňizi nähili çotgalamalydygyny sorap bilersiňiz. Dişiňi çala ýuwmak olaryň aralarynda iýmit bölekleriniň uzak wagtlap saklanmagyna getirýär. Bu hem dişiňe zeper ýetirýär. Diş çotgasynyň hem ýaşyňyza gabat gelýän we ýumşak ýa-da orta gatylykdaky görnüşini saýlap alyň!

Diş ýuwlanda, şulara üns beriň!

– Diş çotgasyny aşa basyp ýuwmaklyk dişlere zyýan ýetirip biler!

– Dişleriň iki tarapy hem-de üsti gowy arassalanmaly!

– Dişler ýuwlanda belli bir yzygiderliligi saklamagy endik ediniň! Mysal üçin, ilki daşky tarap ýuwlup, soňra içki tarap we ş.m.

– Günüň dowamynda iki-üç gezek, esasan, irden hem-de agşam ýatylmazdan öň dişleriňizi ýuwuň!

Ответить