Hytaý elektrik awtoulaglaryny Ýewropada import paçlary kesgitlenmänkä satmagy başardy

2024-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Hytaý markalary Ýewropanyň elektrik awtoulag bazarynyň 11 göterimini emele getirip, hasaba alnan ulaglaryň sany boýunça rekord goýdy. Bu barada «Bloomberg Dataforce» analitik kompaniýasy habar berdi.

         2024-nji ýylyň iýun aýynda Hytaý 23 müňden gowrak elektrik awtoulagyny Ýewropa eltdi. Munuň özi bolsa maý aýyna garanyňda 72 göterim köpdür. Bu görkeziji iýun aýynda Ýewropanyň elektrik awtoulagy bazaryndaky ösüş depgininden iki esse köpdür.

         Agentligiň habaryna görä, hytaý elektrik awtoulaglarynyň eksportynyň  düýpgöter ýokarlanmagy hytaý öndürijileriniň Ýewropa hökümeti tarapyndan import paçlary girizilmezden ozal mümkin boldugyça köp awtoulag satmak islegi bilen baglanyşyklydyr. 2024-nji ýylyň 5-nji iýulyndan başlap BYD elektrik awtoulaglary üçin 17,4 göterim, Geely elektrik awtoulaglary üçin 19,9 göterim we SAIC elektrik awtoulaglary üçin bolsa 37,6 göterim import pajy tölenip başlady.

Ответить