«Xiaomi» kompaniýasy Pekinde smartfon öndürýän robot kärhanasyny açar

«Xiaomi» kompaniýasy Pekinde gije-gündiziň dowamynda ýagny 24 sagatlap adamsyz işleýän we sekuntda smartfon öndürýän robot kärhanasyny açar. Bu barada «Gizmochina» neşiri habar berdi.

         Robot kärhanasyndaky önümleriň hiline  häzirki zamanyň ösen akylly enjamlary tarapyndan özbaşdak gözegçilik edilýär.

         Önümçilik prosesi sekuntda bir smartfon öndürmäge ukyply bolar.

         «Xiaomi» kompaniýasynyň baş direktory Leý Jun: «Täze akylly zawod diňe bir synag däl, eýsem söwda markasy üçin eýýäm gazanylan geljege tarap ýene bir ädimdir» — diýip belledi.

         Habar berişlerine görä, «Xiaomi» kompaniýasy täze önümçilik prosesini ösdürmek üçin 2,4 milliard ýuan möçberinde maýa goýdy. «Changping» diýlip atlandyryljak  täze robot kärhanasy 81 müň inedördül metr  meýdany tutýar. Şeýle hem, bu robot kärhanasy ýylda 10 million flagman smartfon öndürip bilýän «milli akylly önümçilik kärhanasy» hökmünde sertifikatlaşdyrylandyr.

         Täze robot kärhanasy eplenýän ykjam telefonlary – «Xiaomi MIX Fold 4» we «Xiaomi MIX Flip» öndürmek bilen meşgullanar.

Ответить