Russiýanyň «Ртеам» IT kompaniýasy «YouTube»-niň «Platforma» atly täze ýerli analogyny hödürledi

Russiýanyň «Ртеам» IT kompaniýasy «YouTube»-niň «Platforma» atly täze ýerli analogyny hödürledi. Bu barada «ТАCC» neşiri habar berdi.

         Tanyşdyryşda görkezilen slaýdlara görä, Platforma interfeýsi YouTube interfeýsini doly gaýtalaýar.

         Esasy sahypada maglumat gözlegi, wideo gözlegi we wertikal wideo, şeýle hem  ýatda saklanan we halanýan wideolar bölümi bar.

         4K çenli durulykdaky wideolary Platforma ýükläp bolýar we awtomatiki subtitrler rus we iňlis dilleri üçin goldanýar.

         Platformanyň algoritmleri Russiýadan wideolary teklip edýär we elbetde mazmuny jemgyýetçilik üçin zyýanly bolan wideolary bozup aýyrmak üçin niýetlenilen öz bozguç ulgamy bar.

         Russiýanyň «Ртеам» IT kompaniýasy baş direktory Andreý Talýzin Platformanyň sekuntda 240 müň haýyşy ýerine ýetirip biljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, ähli mazmuny beýleki saýtlardan ýagny, «YouTube»-dan, «RuTube»-dan ýa-da «VK Video»-dan geçirmek üçin örän peýdaly bir programma elýeterlidir.

Ответить