Hytaýly işewürler gazak telekeçilerine innowasion suwaryş tehnologiýalaryna degişli birnäçe teklipleri hödürlediler

«EastFruit» portalynyň habar bermegine görä, hytaýly maýadarlar Gazagystanyň Kostanaý etrabynda agrosenagat toplumynda birnäçe taslamany durmuşa geçirmäge taýýardyr. Kostanaý sebitiniň Telekeçiler palatasynyň agrosenagat ulgamynyň çylşyrymly meseleleri boýunça pudak geňeşiniň çäginde hytaýly hünärmenler oba hojalygynyň öndürijiligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin ösen tehnologiýalara degişli birnäçe teklipleri hödürlediler. APK habar gullugynyň habaryna görä, duşuşyga Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

         Möhüm ugurlaryň biri – bu süýt önümçiligi üçin fermalaryň gurluşygyndaky hyzmatdaşlykdyr. Hytaý tarapy, şeýle hem, suwy tygşytly ulanmaga, şeýlelik bilen girdejini we öndürijiligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ençemesini hödürledi.

         Gazagystanyň Kostanaý etrabynyň agrosenagat ugurly işewürleri sebitiň howa we ykdysady aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, pudak geňeşinde edilen ähli tekliplere serederler.

Ответить