Türkmen-türk hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýet meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika ýaly pudaklarda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

         «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, türk tarapy duşuşyga gatnaşyjylary «MTA» kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyryp, bilelikdäki dag-magdan işlerini, şol sanda Köýtendagda magdan ugry hem-de Garabogazköl aýlagynda seýrek duş gelýän minerallar boýunça bilelikde iş alyp barmak baradaky teklibi beýan etdi. Öz nobatynda, türkmen tarapy bu tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Türkiýäniň wekiliýetiniň ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanda elektrik energiýasynyň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde öňdebaryjy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ileri tutulýan ugur hökmünde garalýar.

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri öz wekilçilik edýän döwletinde energetika pudagynyň ösüşi barada aýdyp, häzirki wagtda elektrik energiýasyny daşary ýurtlardan satyn almak üçin täze bazarlaryň öwrenilýändigini habar berdi we bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Türk tarapy geljekde-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Ответить