Gazagystanda daşary ýurtlardan bugdaý satyn almak gadagan edildi

Gazagystanyň Oba hojalygy ministrligi 2024-nji ýylyň soňky 5 aýyň dowamynda daşary ýurtlardan Gazagystanyň çägine bugdaýyň satyn alnyp  getirilmegini gadagan etmek baradaky kararyň taslamasyny hödürledi. Bu barada «aniq.uz» web saýtynda habar berildi.

         Resminamada: «Bugdaýly ýük awtoulaglaryny, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň bir ýurdunyň çäginden Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň başga bir ýurdunyň çägine Gazagystan Respublikasynyň çägi arkaly geçirmekden başga, Gazagystan Respublikasynyň çägine üçünji ýurtlardan we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlaryndan ähli görnüşli ulaglarda bugdaý import etmek üçin 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli gadaganlyk giriziler» – diýip  beýan edilýär.

Ответить