Russiýa benziniň eksportyna girizilen gadaganlygy ýene iki aý uzaltdy

Russiýanyň hökümeti diňe bir awgust aýy üçin, eýsem 2024-nji ýylyň sentýabr we oktýabr aýlary üçin hem  daşary ýurtlara benzin eksport etmegi gadagan etdi. Bu barada ýurduň Energetika ministriniň orunbasary Pawel Sorokin Russiýanyň Döwlet Dumasynda eden çykyşynda aýtdy.

         Onuň sözlerine görä, bu karar içerki ýangyç bazaryndaky üýtgewsiz ýagdaýlary nazara almak we benziniň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagyndan gaça durmak maksady bilen kabul edildi.

         Ýokary derejeli resminiň belleýşi, soňky bir aýyň dowamynda Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary benzin önümçiligini 5 göterim, dizel ýangyjynyň önümçiligini 14 göterim ýokarlandyrdy.

         Çäklendirmeler Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň ýurtlaryna benzin bilen üpjün etmek boýunça ozal baglaşylan şertnamalara degişli däldir.

Ответить