ABŞ-da doly robotlaşdyrylan ilkinji diş operasiýasy geçirildi.

ABŞ-da dünýäde ilkinji gezek adamda robotlaşdyrylan diş operasiýasy emeli aňly robot tarapyndan geçirildi.

         ABŞ-niň diş tehnologiýalaryna ýöriteleşdirilen «Perceptive» kompaniýasynyň habaryna görä, operasiýa emeli aňa esaslanýan programma üpjünçiligi bilen enjamlaşdyrylan robot tarapyndan geçirildi.

         Kompaniýa bu ulgamy diş amallarynyň tizligini we takyklygyny ýokarlandyrmak üçin ulanmak isleýär. Şeýle hem, täze tehnologiýa diş lukmany tarapyndan her biri azyndan bir sagadyň dowamda ýerine ýetirilen iki operasiýany 15 minutda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ответить