Ýew­ro­pa­da «Visa» we «Mas­tercard» bilen bäsdeş «We­ro» tö­leg hyz­ma­ty ýo­la go­ýul­dy

ABŞ-nyň «Visa» we «Mas­tercard» ýa­ly tö­leg bo­ýun­ça ägirt­le­ri­niň Ýew­ro­pa­da tä­ze bäs­de­şi peý­da bol­dy. «Zaman Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 2-nji awgustyndaky sanynyň «Eu­ro­news» web saýtyna salgylanyň habar bermegine gö­rä, tä­ze «We­ro» hyz­ma­ty eý­ýäm sarp edi­ji­le­riň kö­pü­si üçin el­ýe­ter­li. «We­ro»https://zamanturkmenistan.com.tm/?p=113578 – ýe­ke-täk san­ly tö­leg hyz­ma­ty bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­lip, Ýew­ro­pa­nyň 16 ban­ky­nyň we ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň ul­ga­my bo­lan Ýew­ro­pa­nyň Tö­leg Baş­lan­gy­jy (EPI) ta­ra­pyn­dan en­çe­me ýyl­lap do­wam eden işi­niň ne­ti­je­si­dir.

         San­ly gap­jyk eý­ýäm bar bo­lan «Payconiq» we iDEAL ul­gam­la­ry­na esas­lan­ýar. Ol müş­de­ri­le­re di­ňe te­le­fon bel­gi­si­ni ula­nyp, Ýew­ro­pa­da­ky beý­le­ki ula­ny­jy­la­ra pul ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. In­di hal­ka­ra bank ha­sa­by­nyň ko­dy bo­lan IBAN-yň hem ze­rur­ly­gy ýok. «We­ro»-nyň esa­sy ar­tyk­maç­lyk­la­ryn­dan bi­ri hem pul iber­me­giň we al­ma­gyň tiz­li­gi­dir.

         Bu baş­lan­gyç di­ňe bir ýew­ro zo­la­gyn­da san­ly tö­leg­le­ri has aň­sat­laş­dyr­man, eý­sem, Ýew­ro­pa­nyň ma­li­ýe hyz­mat­la­ry bo­ýun­ça stra­te­gik öz­baş­dak­ly­gy ga­zan­mak ug­run­da­ky köp­den bä­ri ed­ýän ta­gal­la­la­ry­nyň netijesidir. Hä­zir­ki gü­ne çen­li ýew­ro zo­lak­da­ky ýurt­la­ryň ag­la­ba­sy san­ly tö­leg­ler ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat edi­ji­le­ri­ne bil bag­lap gel­ýär­di. Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, ýew­ro zo­la­gyn­da­ky äh­li elekt­ron kar­toç­ka­la­ryň 64 gö­te­ri­mi­ni hal­ka­ra hyz­ma­ty­ny üp­jün edi­ji­ler eme­le ge­tir­ýär.

         «Ýew­ro­pa­da şu­nuň ýa­ly kä­mil tö­leg hyz­ma­ty­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy, esa­san, bank we tö­leg ul­gam­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Bu sarp edi­ji­ler üçin has peý­da­ly bo­lup bi­ler» di­ýip, «Po­si­tive Mo­ney» gu­ra­ma­sy­nyň bir we­ki­li aýt­dy.

         2025-2026-njy ýyl­lar­da «We­ro»-nyň hyz­mat­la­ry­nyň üs­ti on­laýn sa­tyn alyş­la­ryň tö­leg­le­ri, QR kod­la­ry ar­ka­ly tö­leg­ler we ha­sap­la­şy­gyň beý­le­ki müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len dol­du­ryl­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

Ответить