Gruziýanyň syýahatçylyk pudagy 1,9 milliard dollar girdeji gazandy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Gruziýanyň syýahatçylyk pudagy 1,9 milliard dollar girdeji gazandy. Bu barada Gruziýanyň Milli syýahatçylyk edarasynyň maglumatlaryna salgylanyp «MИР 24» habar berdi.

         Gruziýanyň Milli syýahatçylyk edarasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurduň syýahatçylykdan alan girdejisi 2019-njy ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende 30,4 göterim, ýagny 570 million dollar köp boldy. 2023-nji ýylda tapawut 94 million dollar boldy.

Esasan hem, Ýewropa bileleşiginden we Beýik Britaniýadan gelýän syýahatçylaryň  hasabyna girdejileriň köpelendigi, ýagny 246 million dollar bolandygy bellenilýär. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 14 göterim köpdür.

         Şu ýylyň birinji ýarymynda Gruziýa iki million syýahatçy bardy we bu 2023-nji ýyldakydan 10 göterim köpdür. Ýurda iň köp syýahatçy Türkiýeden geldi, olaryň sany 623 müňe deň bolup, geçen ýyldakydan 7,1 göterim köpdür. Gruziýa russiýaly syýahatçylaryň hem iň köp gelýän ýeridir. Olar bu ugurda türkiýeli syýahatçylardan soňra, ikinji orny eýeledi.

Ответить