Türkiýe Ukraina bilen erkin söwda şertnamasyny tassyklady

Anna güni Türkiýe Ukraina bilen erkin söwda şertnamasyny tassyklady.  Bu barada «aniq.uz» web saýty Türkiýe Respublikasynyň «Resmi Gazete» atly metbugat neşiriniň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky erkin söwda şertnamasynyň Ukrainanyň parlamenti – Ýokary Rada tarapyndan tassyklanmagyna garaşylýar.

Türkiýäniň Söwda ministri Ömer Bolat penşenbe güni bu barada öz şahsy X platformasynda beýan edip: «Şu gün Stambulda Ukrainanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýuliýa Swiridenkonyň ýolbaşçylygyndaky  wekiliýet bilen iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk we netijeli duşuşyk geçirdik. Bu duşuşygyň çäginde 2023-nji ýylda 7,3 milliard dollar bolan özara daşary söwdanyň möçberini ýakyn wagtda güýje girjek Türkiýe-Ukraina erkin söwda şertnamasynyň esasynda  mümkin boldugyça gysga wagtda 10 milliard dollara ýetirmek kararyny tassykladyk. Türkiýe bilen Ukraina arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we umumy bähbitlere esaslanýan özara söwda-ykdysady gatnaşyklary we maýa goýumlary artdyrar. Bu ugurda türk kompaniýalary şu ýylyň ýanwar aýynda Stambulda gol çekilen «Ukrainany dikeltmek boýunça Türkiýe – Ukraina bilelikdäki iş toparynyň» tagallarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşar» — diýip belledi.

Erkin söwda şertnamasy ideýasy ilkinji gezek 1998-nji ýylda peýda boldy, ýöne gepleşikler resmi taýdan diňe 2007-nji ýylda başlandy. Ýöne birnäçe meseleler boýunça düşünişmezlikler zerarly iki ýurduň arasynda şertnama baglaşmak babatdaky gepleşikler 15 ýyldan soň amala aşyryldy.

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky erkin söwda şertnamasyna 2022-nji ýylyň 3-nji fewralynda gol çekildi. Ýöne. bu şertnamany  Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan geçen perşenbe güni – 2024-nji ýylyň 1-nji awgustynda tassyklady.

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky erkin söwda şertnamasynda Türkiýäniň senagat önümleri üçin 93,4 göterim, oba hojalyk önümleri üçin 7,6 göterim import paçlarynyň ýatyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Ответить