«Älemgoşar» haryt nyşanly çygly süpürgiçler Russiýa bilen Özbegistana eksport edilýär

«Älemgoşar» haryt nyşanly çygly süpürgiçler Russiýa bilen Özbegistana eksport edilýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2021-nji ýylyň 29-njy iýulyndaky №31 (725) sanynyň 5-nji sahypasynda çap edilen ««Älemgoşar» — tämizlik serişdesi» atly makalada habar berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçi Muhammetgeldi Aşyralyýew tarapyndan öndürilýän önümler hiliniň ýokarylygy, ulanmak üçin amatlylygy bilen tapawutlanýar.

Önümçiligini Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän kärhanasynda alyp barýan telekeçi 2019-njy ýylda çygly süpürgiçleri öndürip başlady. Türkiýäniň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada çygly süpürgiçleriň 15 görnüşi öndürilýär.

Bu ýerde taýýarlanýan iň kiçi önüm çygly süpürgiçleriň 50-sini özünde jemleýän bolsa, has uly görnüşleri 132-den 144-e çenli süpürgiçden ybaratdyr.

Kuwwatly kärhana her gün 400 gaplama çygly süpürgiji öndürmek kuwwatyna eýelik edýär. Şol gaplamalaryň her birinde 24 gap çygly süpürgiç jemlenýär. Munuň özi kärhananyň mümkinçiliginiň uludygyny görkezýär.

Bu kärhana 2021-nji ýyldan bäri ýuwujy serişdeleriň önümçiligini hem alyp barýar. Şondan bäri bu ýerde gury toz görnüşindäki ýuwujy serişdeler, suwuk arassalaýjylar, gap-gaç ýuwmak üçin niýetlenen önümler hem-de agardyjy serişdeler öndürilýär. «Älemgoşar» haryt nyşany bilen hödürlenýän önümler dürli ölçeglerdäki gaplarda alyjylara ýetirilýär.

Işçi-hünärmenleriň 18-siniň sazlaşykly zähmeti kärhananyň ajaýyp netijeleriniň özenini emele getirýär. Bu hakykaty telekeçi Muhammetgeldi Aşyralyýew hem tassyklaýar.

Agzybirlikde çekýän zähmetimiz eýe bolan uly zähmet üstünliklerimiziň sakasydyr. Aýratyn bellenilmeli netijämiz bolsa biziň çygly süpürgiçlerimiziň häzirki wagtda Russiýa Federasiýasyna hem-de Özbegistan Respublikasyna eksport edilmegi bilen baglydyr. Önümlerimize bildirilýän isleg biziň täze üstünliklere tarap ynamly ädimlerimiziň gözbaşyny emele getirýär. Watanymyzda senagatçylar hem-de telekeçiler üçin döredilýän şertler şol ädimleriň her biriniň uly netijelere eýe bolmagyny üpjün edýär. Biz munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys — diýip, telekeçi geljekki maksatlarynyň özenini döredilýän mümkinçilikleriň ähmiýeti bilen utgaşdyrdy.

Munuň özi kärhanada has-da netijeli işlemek ugrundaky tagallalaryň yzygiderli utgaşdyrylýandygyndan nyşandyr.

Ответить