Türkiýäniň eksport mukdary 267 milliard dollara ýeter

Türkiýäniň eksport mukdary ýylyň ahyryna çenli 267 milliard dollara ýeter. Bu maksat, türk hökümetiniň orta möhletli ykdysady maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Bu barada «yenicag.az» web saýty Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň sözlerine görä, 2024-nji ýylyň iýul aýynda Türkiýäniň eksporty 22,5 milliard dollar bolup, geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 13,8 göterim köpdür.

Ответить