«Bagt täji» polipropilen we polietilen halta önümleriniň uly tapgyryny Russiýa eksport edýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Bagt täji» hojalyk jemgyýetiniň polipropilen we polietilen halta önümleriniň uly tapgyry Russiýa eksport edilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Amanmyrat Saparowyň «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky №197 (31132) sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen «Ýokary hilli, uly islegli» atly makalasynda habar berildi.

         Önümçilik binalary Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Biruny geňeşliginiň Mehinli obasynda ýerleşýän «Bagt täji» hojalyk jemgyýetinde her günde 1,5 — 2 tonna halta taýýarlanylýar.

         Gürrüňi edilýän hojalyk jemgyýetiniň 7 gektara barabar umumy meýdanynyň bir bölegini önümçilik hem edara binalary, taýýar önümlere niýetlenen ammar jaýlary eýeleýär. Belent durky hem giňligi bilen saýlanyp duran binanyň içinde dokma enjamlarynyň 16-sy hatar edilip ýerleşdirilipdir. Onuň ýene bir böleginde ýüplük öndürýän, haltalaryň gyralaryny ykjamlap tikýän enjamlar işledilýär. Dokalyşynyň syklygy, berkligi hem maýyşgaklygy boýunça aýratyn tapawutlanýan haltalar dürli önümleri kadaly saklamak, zaýasyz daşamak üçin amatly hasaplanýar.

         Bu önümçilikde polipropilen hem polietilen çig mallaryny işläp taýýarlamagyň, olary iş ugurlarynda ulanylyş kadasyna getirmegiň öz tehnologiýasy bar. Bu ugurlar, tutuşlygyna diýen ýaly awtomatik usulda iş alyp barýar. Bu ýerde işçi-hünärmenleriň 25-si işleýär. Önümçilik iki çalşykda alnyp barylýar.

         «Bagt täji» oba hojalyk pudagy bilen baglanyşykly täzeçe işleri ýola goýdy. Bu töwerekde ýeralma, pomidor, hyýar, sogan ýaly dürli azyklyk önümleri, miweleri ýetişdirýän daýhanlar kän. Şeýle bolansoň, hojalyk jemgyýeti öndürilen azyk önümleriniň 3 müň tonnasyny ýylyň ähli paslynda zaýasyz saklamaga niýetlenen ammary-da işe girizdi. Kuwwatly sowadyjylar, howanyň degişli derejesini saklaýan enjamlar bilen üpjün edilen ammarda kärendeçileriň, ýer eýeleriniň gök-bakja önümleri, dürli görnüşli miweleri terligine saklanýar.

         Döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp, halkyň islegini içgin öwrenip iş alyp barýan kärhananyň tutumlary geljekki üstünliklerden habar berýär.

Ответить