Türkiýeden Gaza 80 ýük awtoulag ynsanperwer kömegi iberildi

Türkiýäniň Kilis şäherinden Mersin portuna Gazanyň halky üçin ynsanperwer kömegi bilen ýüklenen 80 ýük awtoulagy iberildi. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi.

Ýük awtoulaglaryny ugradyş dabarasynda çykyş eden IHH ynsanperwer guramasynyň wekili Ýakup Alaja ynsanperwer kömeginiň Gazanyň halkynyň kynçylyklaryny ýeňilleşdirmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Ol ynsanperwer kömek kampaniýasyny goldaýanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi.

IHH ynsanperwer guramasynyň wekili Ýakup Alaja: «Gaza sebitinde häzirki wagtda 2,3 million adam açlyk çekýär. IHH ynsanperwer guramasy hökmünde ynsanperwer kömegini bermek işimiz üznüksiz dowam edýär. Bu gün Mersin portuna ynsanperwer kömegi bilen 80 ýük awtoulagyny ibereris. Bu ýük awtoulaglary Mersin portundaky üçünji ýük gämimize ýüklener we Gaza eltiler» -diýip belledi.

Ответить