Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasy syýasy geňeşmeler barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 6-njy awgustyndaky №198 (31133) sanynyň 2-nji sahypasynda neşir edilen «Ileri tutulýan ugurlar öwrenilýär» atly makalada habar berildi.

«Ileri tutulýan ugurlar öwrenilýär» atly makaladaky maglumatlara görä, Manilada Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, filippin tarapyna bolsa Daşary işler departamentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ASEAN-nyň işleri boýunça sekretarynyň orunbasary M.Lazaro ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlary we ony amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak barada pikir alyşmalar boldy. Taraplar özara gatnaşyklary ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtap, parlamentara gepleşikleri işjeňleşdirmek boýunça umumy pikiri beýan etdiler. Duşuşykda energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk tassyklanylyp, iki ýurduň eksport-import mümkinçiliklerine üns çekildi.

A.Gurbanowyň Filippinler Respublikasynyň daşary işler sekretary E.Manalo bilen geçiren duşuşygynda söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine garaldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle-de ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti J.Aguliar bilen duşuşyk boldy.

Manilada saparda bolýan Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary «Clark-Freeport» erkin ykdysady zolagyna hem baryp görüp, bu zolagyň mümkinçilikleri we ýurtda täze, ekologik taýdan arassa şäheri döretmek boýunça başy başlanan taslama bilen jikme-jik tanyşdylar. Türkmen tarapy bu taslama ýokary baha berip, erkin ykdysady zolaklary döretmek hem dolandyrmak babatda özara tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirdi. Ýurdumyzyň wekilleri bu ýerde filippinli kärdeşlerini geçen ýylyň iýunynda açylan Arkadag şäheri bilen tanyşdyryp, onuň esasy aýratynlyklary, ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar barada gürrüň berdiler.

Ответить