Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi «Burjeel Holdings» kompaniýasynyň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Serdarmammet Garajaýew BAE-däki «Burjeel Holdings» kompaniýasynyň halkara işewürligi ösdürmek boýunça menejeri jenap Asif Asgarow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň dürli mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar we geljekde Türkmenistana we kompaniýa peýdaly boljak taslamalary durmuşa geçirmäge niýetlerini mälim etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar lukmançylyk syýahatçylygy, näsaglary bejermegiň we olara hyzmat etmegiň innowasion ugurlarynda we beýleki ugurlarda tejribe alyşmagy, şeýle-de lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alyş-çalyş maksatnamalaryny döretmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty senagaty ministrligi bilen «Burjeel Holdings» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, saglygy goraýyş ulgamynda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda bilelikdäki taslamalaryň üstünde işlemegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda iki tarap hem saglygy goraýyş pudagynda ösüşi we innowasiýalary güýçlendirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmeklige aýratyn üns berjekdilerini nygtadylar.

Ýeri gelende bellesek, 2007-nji ýylda esaslandyrylan «Burjeel Holdings» kompaniýasy BAE-niň saglygy goraýyş bazarynda iri düzümleriň biri hasaplanýar we Pars aýlagy ýurtlarynda-da iş alyp barýar. Onuň 60 desgadan ybarat bolan toplumy hassahanalary, saglyk öýlerini, ýöriteleşdirilen lukmançylyk hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar merkezlerini öz içine alýar.

Ответить