Türkmenistdanda her biriniň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolan  iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygyna girişildi 

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara doly laýyk gelýän iki sany täze gury ýük gämileriniň gurluşygyna ýokary ruhubelentlik bilen girişildi. Bu barada žurnalist Hojaberdi Baýramowyň «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 7-nji awgustyndaky №199 (31134) sanynyň 2-nji sahypasynda neşir edilen «Ýük gämileri gurlup başlandy» atly makalasynda habar berildi.

Žurnalist Hojaberdi Baýramowyň bu makalasynda beýan edilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämilerini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

 Şu Kararyň esasynda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasy bilen her biriniň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatynda degişli şertnamalary baglaşdy.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglere laýyk gelýän, has kämil awtomatlaşdyrylan enjamlaryň peýdalanylmagy bilen, 4 — 6 gämini gurmaga niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýerde 2 müň tonna polady işlemek arkaly, ortaça 20 — 30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlar we mehanizmler, zerur bolan awtomobil ulaglary we ýük ýükleýji-düşüriji enjamlar ornaşdyrylan zawodyň dolandyryş ulgamynda gämi dizaýny, taslama dolandyrylyşy, üpjünçilik, bejeriş, önümçilik, tehniki hyzmat ediş, hil we zähmet howpsuzlygy bilen bagly bölümlerde işler utgaşykly alnyp barylýar. Kärhanada dürli görnüşli gämiler, nebit tankerleri, deňiz platformalary, tirkeg gämileri, katerler, şeýle hem halk hojalygynyň senagat pudaklary üçin demirden dürli gurluşlar, taýýar önümler, enjamlar, gurallar hem ýasalýar. Gämi gurluşygynda we abatlaýyşda esasy zerurlyk bolan uly göwrümli demir listleri işlemek, olary arassalamak, ýylmamak we reňklemek bu häzirki zaman kärhanasynyň esasy hyzmatlarynyň hataryna girýär. Munuň üçin zähmet çekýän hünärmenler ähli zerurlyklar bilen üpjün edilipdir. Şonuň üçin hem bu ýerde ýerine ýetirilýän işlerdir hyzmatlar dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de zawodda bug gazanlary we kompressorlar bilen bagly alnyp barylýan işleriň hem hemişe ýokary hil talaplaryna doly gabat gelýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Senagatyň dürli pudaklarynda, dürli gök önümleri ýetişdirmeklige niýetlenip gurulýan ýyladyşhanalarda giňden ulanylýan radiator enjamlaryny taýýarlamak hem-de ýurdumyzyň suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmekde, iri akabalaryň suw geçirijiligini ýokarlandyrmakda ulanylýan dürli kysymly läbik sorujylary ýeňil we düýpli abatlamak işleri hem bu ýerde ygtybarly ýola goýulýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän dürli görnüşli konteýnerleri buýrujylaryň sargytlary esasynda abatlamak, kebşirlemek we reňklemek hyzmatlary hem döwrebap derejede alnyp barylýar. Mundan başga-da, ol deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan gämileri, nebit we beýleki işlerde ulanylýan dürli hyzmat ediji gämileri we ýüzüji serişdeleri tehniki taýdan gözden geçirmek işlerini-de üstünlikli alyp barýar. Olary abatlamakda hem-de enjamlaýyn hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde döwrebap şertler döredilendir. Halkara deňiz portuna gelýän dürli görnüşli konteýnerleri buýrujylaryň sargytlary esasynda abatlamak, kebşirlemek we reňklemek hyzmatlary bitirilýär. Işe girizilen gününden bäri, bu ýerde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň dürli maksatly gämileriniň onlarçasynda ýeňil abatlaýyş işleri geçirilip, sargytlar öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirildi.

Bu gün bolsa kärhanada halkara talaplara doly laýyk gelýän iki sany täze gury ýük gämisi gurlup başlandy. Bu gämileriň dünýä standartlaryna laýyklykda, halkara ýüzüşleri amala aşyrmaklaryny ýola goýmak maksady bilen, Klasifikassion jemgyýetleriň halkara assosiasiýasy tarapyndan kabul edilmegi üçin resmileşdiriş işleri hem alnyp barylýar.

Zawodyň işgärler düzümini taýýarlamak babatynda täze taslama boýunça gämi gurluşygyna degişli 300-den gowrak adamyň işledilmegi göz öňünde tutulyp, koreý kompaniýasynyň bilermenleri tarapyndan 2 aý möhletli ýöriteleşdirilen okuw sapaklary we türgenleşikleri geçirildi.

Gurulmaly gämilere degişli materiallaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň ilkinji tapgyry Koreýa Respublikasyndan getirilip, gämi gurluşygyna taýýarlykly girişildi. Bu möhüm taslamany amala aşyrmaga gatnaşýanlaryň 90 göterimden hem gowragynyň ýerli hünärmenlerden ybaratdygyny aýratyn nygtamak gerek. Olar bu ugurda uly tejribe toplap, geljekde dünýä ülňülerine laýyk gelýän gämileri gurmagy doly derejede başararlar.

Gurluşygyna girişilen gury ýük gämileriniň uzynlygy 123, ini 16,5 metr, bortunyň beýikligi bolsa 8,3 metr bolup, olar ýükleriň dürli görnüşlerini daşamakda örän amatlydygy bilen tapawutlanýar.

Ответить