Russiýa azyk importynda öňdebaryjy bäş döwletiň adyny mälim etdi

Russiýa Federasiýasy milli ykdysadyýetiniň azyk importynda öňdebaryjy bäş döwletiň adyny mälim etdi. Bu barada «Известия» gazeti Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, habar berdi.

«Известия» gazetiniň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaý Russiýa Federasiýasynyň esasy azyk satyn alyjylarynyň sanawynda öňdeligi eýeledi we importy 7,6 milliard dollar möçberinde boldy.

Türkiýe bolsa bu sanawda ikinji orny eýeledi. Geçen ýyl bu ýurt Russiýa Federasiýasyndan 5 milliard dollarlyk azyk satyn aldy. Gazagystan hem gürrüňi edilýän ýurtdan 3,3 milliard dollarlyk azyk satyn alyp, Russiýa Federasiýasynyň esasy azyk satyn alyjylarynyň sanawynda üçünji orny eýeledi.

2023-nji ýylda Russiýa Federasiýasyndan azyk importy boýunça sanawda Belarussiýa 2,8 milliardlyk azyk söwdasy bilen 4 orny, Müsür bolsa 2,5 milliard dollar azyk söwdasy bilen 5 orny eýeledi.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy160-dan gowrak ýurda azyk eksport edýär we bugdaý, nohut, arpa we doňdurylan balyk söwdasynda bütindünýäde boýunça öňdebaryjydyr.

Ответить