Tokaýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi teklip etdi

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Казахстанская правда» gazetinde çap edilen «Merkezi Aziýanyň Galkynyşy: Durnukly ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda» atly makalasynda: «Merkezi Aziýanyň ykdysady hyzmatdaşlygy, milli ykdysadyýetlerimiz üçin esas bolmasa-da, iň bolmanda ösüşiň esasy çeşmelerinden birine öwrülip biljekdigine ynanýaryn» – diýip belläp geçýär.

Tokaýew sebitiň ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalary we güýçli ykdysady kuwwaty netijesinde Merkezi Aziýanyň söwda, maýa goýumlary, ylym we innowasiýa pudagynda uly mümkinçilikleriň mekanyna öwrülýändigini aýratyn nygtap geçmeklik bilen: «Merkezi Aziýanyň umumy meýdany 3 million 882 müň inedördül kilometr, ilaty 80 milliondan gowrak, içerki önüminiň umumy möçberiniň 450 milliard dollar, sebitde dünýädäki uran ätiýaçlyklarynyň 20 göterimi, nebitiň 17,2 göterimi we tebigy gazyň 7 göterimi bar. Merkezi Aziýa dünýäde kömür öndürmek babatda 10-njy ýerde, elektrik energiýasyny öndürmek bababatda 19-njy ýerde durýar» – diýip uly buýsanç bilen belleýär.

Gazak Lideriniň sözlerine görä, sebit ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň biri-biriniň üstüni ýetirmegi, howpsuzlygy üpjün etmäge, söwda we önümçilik ugurlaryny  diwersifikasiýa etmäge mümkinçilik berýär Hut şu nukdaýnazardan-da ol: «Bu amal bilelikdäki ykdysady taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi arkaly aňsatlaşdyrylyp bilner. Resurslara garaşlylykdan kem-kemden daşlaşmaly. Bu jähetden, metbugat, kino, aýdym-saz, dizaýn, bilim we maglumat tehnologiýalaryny öz içine alýan sanlylaşdyrma we döredijilik pudaklary ykdysady ösüş nokatlaryna öwrülip biler. Sebitiň ýurtlary bu ugurda bilelikdäki taslamalary döretmek üçin gowy mümkinçiliklere eýedir» – diýip nygtaýar.

Ответить