Suw — sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

Tomus paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde howa öňkülerden has gyzýar. Bu günlerde arassa agyz suwuny düzgüne laýyk, dogry içýän adamlar özlerini şähdaçyk, ruhubelent we sagdyn duýýarlar. Munuň hem lukmançylyk ylmy tarapyndan ykrar edilen sebäpleri bar. Suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar. Adam suwy yzygiderli içmese, tapdan düşüp başlaýar, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar, ol ganyň goýalmagyna getirýär. Netijede, beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar. Bedende şeýle näsazlyklar ýüze çykmaz ýaly, suw içmegiň düzgünlerini dogry berjaý etmeli. Suw içmegiň hem örän möhüm düzgünleri bar. Şolaryň birinjisi, içiljek suwuň arassa agyz suwy bolmagydyr.

Arassa agyz suwy talabalaýyk kabul edilende, bedeniň immun işjeňligi ýokarlanyp, yssy howa zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goranyp bolýar. Tomsuna adam bedeni suwy köp ýitirýär, suwa talaby ýokarlanýar. Suw ýeterlik içilende, bedeniň çyglylyk derejesi saklanýar. Lukmançylyk tejribämiz suwy nahar iýmezden ýarym sagat öň içmegiň talabalaýykdygyny görkezýär. Tomusda günüň dowamynda 1,5-3 litre golaý arassa suw içmeli. Beýleki tarapdan, suwuň gereginden artykmaç kabul edilmegi hem zyýanly. Sebäbi ol bedendäki duzlaryň we suwlaryň deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär. Daşardan gyzyp gelen badyňa, ýa-da fiziki türgenleşiklerden soň dessine, onda-da ajöze, sowuk suw içmek zyýanlydyr. Suwy ýygy-ýygydan we az-azdan — 2-3 owurtdan içmeli. Owurtlan suwuňy agzyňda biraz wagt saklap, soň ýuwutmaly. Ýuwaş-ýuwaşdan owurtlanylyp içilen arassa agyz suwy adamyň sagdyn we uzak ýaşamagyna itergi berýär, köp keselleriň öňüni almaga ýardam edýär.

Gazlandyrylan süýji tagamly içgileri içmäge öwrenişmezligi hem maslahat berýäris. Sebäbi olaryň düzümindäki şeker bedeniň goşmaça ýylylyk öndürmegine getirýär, bu hem adamyň yssy gurşawy duýmagyny güýçlendirýär. Doňdurmanyň täsiri hem edil şonuň ýaly. Ýüregimi sowadaýyn diýip, doňdurma iýmek ýa-da aşa sowuk suw içmek hem biraz wagtyň geçmegi bilen, yssyny has ýokary derejede duýmaga getirýär. Has erbet tarapy, aşa sowuk suw ýa-da sowuk çal içmegiň ýürek gan-damar, myşsa ulgamlarynyň işine zeper ýetirip, saglyga howp salyjylyk täsiri bardyr. Şu jähetden, daşardan gyzyp gelnende az-kem sowadylan suw, aram salkynlykdaky limonly gök çaý içmek iň gowusydyr.

Suw içilen badyna däl-de, içilenden 5-10 minutdan soň teşneligi gandyrmaga başlaýar. Şonuň üçin bir zarbada köp içjek bolup, ony uly owurtlar bilen içmeli däl. bu ýagdaý diňe saglyga zyýan berýär we göwräniň çişip, adamyň ysgyndan gaçmagyna getirýär. Çendenaşa köp suw içmek beden dokumalarynyň we suwuklyklarynyň aşa suwlulanmagyna hem-de öýjükleriň işjeňlik derejesiniň peselmegine sebäp bolýar. Degişlilikde, ganyň bedeni kislorod bilen üpjün etmek mümkinçiligi peselip, göwre tapdan düşýär. Adam köp suw içdikgiçe, şonça köp derleýär, çendenaşa derlemeklik bolsa, bedeni gowşadýar.

Käbir adamlar distillirlenen suw (buga öwrülip arassalanan suw) içmegi peýdaly hasaplaýarlar. Hakykatda welin, distillirlenen suwlarda mikroelementler ýokdur. Bu suwlar yzygiderli ulanylanda, beden agzalarynyň we ulgamlarynyň, ilkinji nobatda, kalsiý elementiniň ýetmezçiliginden täsirlenjek süňk ulgamynyň işjeňligi bozulýar. Munuň tersine, arassa agyz suwlary ynsan bedeni üçin zerur bolan mineral duzlaryň we mikroelementleriň esasy çeşmesi bolup durýar. Şonuň üçin hem diňe arassa agyz suwuny içmegi we suw içmegiň wajyp düzgünlerini yzygiderli berjaý etmegi maslahat berýäris.

Ответить