Pariž olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi Diýora Keldiýorowa: «Özbegistandaky zenanlaryň durmuşyny özgertmeklik meniň mukaddes borjum»  

Pariž Olimpiýa oýunlarynyň dzýudo ýaryşlarynda 52 kg agramda çykyş edip, altyn medal gazanan Diýora Keldiýorowa baýrak gowşurylyş dabarasyndan soň metbugat ýygnagyna gatnaşdy we finala çenli geçen  ýoly barada gürrüň berdi.

Ol öz medaly arkaly Özbegistanda zenan türgenler üçin uly ýoluň açyljakdygyna ynam bildirdi.

Dzýudoçy türgen Diýora Keldiýorowa «Bu medal diňe meniň medalym däl, ähli zenan türgenleriň medaly. Bu medalyň Özbegistanda zenanlar üçin ajaýyp ýol açjakdygyny bilýärin. Muňa goşant goşanym üçin men örän şatdyryn» — diýip belledi.

Şeýle hem, ol Halkara dzýudo federasiýasyna beren beýanatynda Özbegistanda zenanlaryň durmuşyny özgertmekligiň öz mukaddes borjudygyny aýtdy.

Diýora Keldiýorowa Olimpiýa çempiony hökmünde şeýle diýdi:«Bu derejä ýetmek juda kyn boldy we men diňe Olimpiýa oýunlary hakda pikir etdim.Bu pikirler diňe medal hakda däl, eýsem altyn medal hakdady. Bu gün meniň üçin, atam-enem üçin, maşgalam üçin we  hemmämiz üçin örän möhüm gün. Bu bütin özbek halkynyň medaly, bu Özbegistanyň altynydyr».

Metbugat ýygnagynda Diýora Keldiýorowa özi üçin ähmiýetli bolan ýaponiýaly Uta Abeni ýeňen tapgyry barada aýtdy:

«Ol  we güýji bilen menden öňe geçdi. Men şol wagt diňe ýeňmelidigime, ýeňiş üçin ahyryna çenli göreşmelidigime, mende mundan başga ýol ýoklugyna düşündim. Şu pikir maňa uly güýç-kuwwat berdi. Abe gaty güýçli we çalalsyn türgenleriň biri, men oňa hormat goýýaryn»

Suratda Diýora Keldiýorowa tälimçisi hormat bilen baş egýär

Şol bir wagtda-da, ol bu ýaryşdan öň tälimçisiniň özüne bildiren ynamyny ýadyna saldy:

«Abe bilen birinji ýa-da ikinji, ýarym final ýa-da finala çykyp bilersiňiz diýdi. Sen-de diňe bir ýol bar, ol hem ýeňiş. Yza gaýtmaga hiç hili ýol ýok. Bu gün şu ynam bilen ýeňiş gazanarsyň diýip umyt edýärin». Bu sözler tälimçimiň maňa bildiren uly ynamy.

Diýoranyň ýeňşi Özbegistanda-da gutlandy. Hususan-da, Samarkant welaýatynyň Pasdargom etrabynda onuň maşgalasy türgeniň ýeňşine çäksiz buýsanýardy. Onuň ejesi «O‘zbekiston24» teleýaýlymyna beren beýanynda ýaponiýaly Uta Abeni ýeňendigine begenýändigini aýtdy.

Suratda Diýora Keldiýorowanyň ene-atasy

«Abeni ýeňdi.Men muňa begenýärin. Köp ýyllap ýeňiş gazanyp gelýän ýaponiýaly Abe bilen güýç synanyşýar diýenlerinde, bir hili howpgurgap otyrdym. Çünki, Abe birnäçe ýyl bäri birinji orny bermeýärdi. Gyzym ony ýeňeninden begenjimden ýaňa nähili täsin tolgunmanyny başdan geçirendigimi aýdyp hem biljek däl.Prezidentimize mümkinçilikleri döredendigi üçin sag bolsun aýdýaryn» — diýip, sportçynyň ejesi Dilorom Şaripowa aýtdy.

Suratda Diýora Keldiýorowa Uta Abeni ýykan pursaty

Özbek türgeni Diýora Keldiýorowanyň özi hem ata Watanynda türgenlere döredilen şertler üçin Özbegistanyň döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi:

«Tokio Olimpiadasynda ýeňilenimden soň 3 ýyl ýatmadym diýip bilerin. (Tokio Olimpiýa oýunlarynda birinji tapgyrda Mongoliýaly Sosorbaram Lhagwasurenden ýeňildi).Ýeňilendigime gaty gynandym. 3 ýyldan soň Olimpiýa oýunlarynda altyn medal aldym. Hemmelere sag bolsun aýdýaryn. Prezidentimize çäksiz minnetdarlyk bildirýärin. Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, zenanlar üçin şert döredilse, olar islendik belentliklere ýetip bilerler»

Ответить