Özbegistanyň Prezidenti dzýudoçy Diýora Keldiýorowany Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady

Şawkat Mirziýew Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 52 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanan dzýudoçy Diýora Keldiýorowa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň resmi web saýtynda: «Döwletimiziň baştutany Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek zenanlaryň arasynda çempion bolan türgen zenanymyzy taryhy ýeňiş bilen gutlady we ene-atasyna we tälimçilerine minnetdarlyk bildirdi» -diýlip bellenilýär.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew:«Diýora gyzym, halkymyzyň adyndan çyn ýürekden gutlaýaryn. Men şeýle batyr, erjellikli, yhlasly gyzymyň bardygyna buýsanýaryn. Maksadaokgynlylyk bilen uly ýeňiş gazandyňyz, dünýä oňa haýran galdy, Özbegistanyň abraýyny ýokary galdyrdyňyz, sag bol, gyzym. Şu günki ýeňşiň, özbek zenanynyň, mähriban gyzlarymyň nämäni başarýandygyny ýene bir gezek dünýä görkezendigi üçin, men örän minnetdaryn. Bu gün öýüňiz bilen gepleşseň, meniň adymdan ene-ataňa köp sag bolsun aýtgyn, gyzym. Täze Özbegistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen girdiňiz. Men buýsanýardym. Ine, şeýle dowam etdirilmeli. Bu, durmuşyňyzdaky uly ýeňişleriň we üstünlikleriň başlangyjy bolsun! Taryhymyzdaky beýik atalarymyza we enelerimize mynasyp bolmak we adyňyzy dünýäde galdyrmak üçin elimizden gelen kömegi ederis. Ýöne zähmet we gaýduwsyzlyk özüňizde bolsun gyzym. Şunuň ýaly Olimpiýa çempiony bolmak, bu –  Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek bolýan taryhy waka. Şonuň üçin uly buýsanç bilen, şeýle gyzymyň bardygyna guwanýaryn. Sag-aman Özbegistanda görüşeris» – diýdi.

Keldiýorowa metbugat ýygnagynda özüniň bu ýaryşa köpden bäri taýynlyk görýändigini aýtdy.

Garşydaşlarymyň her biriniň iň güýçli türgenlerdigini bilýärdim. Güýçlüni alýançam güýçli bolup bilmejekdigime gaty gowy düşünýärdim we bu söz maňa ruhy taýdan kömek etdi, güýç-kuwwat berdi diýip pikir edýärin. Elbetde, Özbegistanyň ähli halkynyň, Özbegistanyň ähli dzýudoçylarynyň arkamda durandygyny duýdum. Özbegistanda zenan türgenlere dünýä derejesindäki ünsi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin.

«Altyn» medala barýan ýolda Diýora Keldiýorowa häzirki Olimpiýa çempiony, bäş ýyldan bäri utulmadyk ýaponiýaly Uta Abe, nemes dzýudoçysy Maşa Balhaus, 2020 Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, fransiýaly Amandin Býuşard we 48 kilograma çenli agram derejesinde 2020-nji ýyldaky Olimpiýa çempiony Kosowaly Distriýa Krasnika ýaly garşydaşlaryndan üstün çykdy.

Bu Özbegistanyň 2024-nji ýyldaky oýunlarynda ilkinji medaldyr. Diýora Keldiýorowa Özbegistanyň taryhynda dzýudo boýunça altyn medal gazanan ilkinji türgen hasaplanylýar. Ondan öň dzýudoçylar iki sany kümüş medal gazandy (1996-njy ýylda Armen Bagdasarow we 2008-nji ýylda Abdulla Taňryýew), şeýle hem bäş sany bürünç medal (2008, 2012 we 2016-njy ýyllarda Rişod Sobirow, 2016-njy ýylda Diorbek Orozboýew we 2020-nji ýylda Dawlat Bobonow) gazandylar.

Şeýle hem, tomusky Olimpiýa oýunlarynda aýallaryň arasynda Özbegistanda altyn medal gazanan ilkinji türgen boldy. Ondan öň ýeke-täk altyn medaly 1994-nji ýyldaky gyşky Olimpiýa oýunlarynda erkin lyjaçy Lina Çerýazowa ýeňiji bolup gazanypdy.

Ответить