Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa ýurduň San-Paulu ştatynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web sahypasynda hem-de «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Ответить