«Dowamly özgerşiň» ýokary hilli egin-eşikleri – mekdep bazarlarynyň arzyly önümleri

«Dowamly özgeriş» hususy kärhanasynyň ýokary hilli egin-eşikleri şu günler gyzgalaňly dowam edýän mekdep bazarlarynyň arzyly önümine öwrüldi. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 12-nji awgustyndaky №33 (727) sanynyň «Importyň ornuny tutýan önümlerimiz» diýlip atlandyrylan 5-nji sahypasynda çap edilen   ««Dowamly özgerşiň» önümleri – mekdep bazarynyň bezegi» atly makalada habar berildi.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Dowamly özgeriş» hususy kärhanasynda baş maksat müşderileriň ösen islegini ýokary derejede kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýlelikde, kärhana erkek adamlaryň içligi ýyly sütükli gyş eşiklerini, şeýle önümleriň mekdep ýaşyndaky oglanlar üçin niýetlenen nusgalaryny, okuwçylaryň penjek-jalbar toplumlaryny hödürleýär. Mundan başga-da, bu ýerde erkek adamlar üçin trikotaž matadan taýýarlanan köýnekçelerdir ýyly ýeňsizler, mekdep ýaşyndaky çagalaryň ýatanda geýjek eşikleri, çagalar hem-de ulular üçin üstki köýneklerdir jalbarlar we beýlekiler öndürilýär. Kärhana penjekleri, jalbarlary, mekdep ýaşly çagalar üçin niýetlenen köýnekleri, güýz we gyş keltekçelerini öndürmekde alyp barýan işlerinde hiliň kämil ülňülerini bezeg aýratynlyklary bilen utgaşdyrýar. Bu bolsa onuň giňden tanalmagyny, has-da adykmagyny üpjün etdi.

60-a golaý işgäri bolan hususy kärhanada Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen tikin maşynlarynyň dört görnüşi ulanylyp, olar dürli nusgalardaky egin-eşikleri döwrebap ülňülerde taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Kärhananyň tikinçileri bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar biçmek we tikmek boýunça işlerinde döwrebap ülňülerden ugur alyp, müşderilere degişli önümleriň dürli görnüşlerini hödürleýändiklerini nygtaýarlar. Şunda jalbarlaryň mekdep ýaşly okuwçylardan başlap, islendik ýaşdaky adamlara niýetlenen görnüşleriniň öndürilmegi bu önümlere bildirilýän islegleri barha artdyrýar. Muny häzirki wagtda mekdep üçin niýetlenip taýýarlanan egin-eşikleriniň mysalynda-da aýtmak mümkin. Elbetde, şeýle kämil önümler kärhananyň işçi-hünärmenleriniň irginsiz yhlasynyň beýanydyr.

«Dowamly özgeriş» hususy kärhanasynda taýýarlanýan önümleriň elýeterli bahalardan hödürlenmegi jemgyýetiň ünsüni şu önümlere gönükdirmekde netijeli ädim boldy. Şunlukda, kärhananyň önümleri, ilki bilen, Mary welaýatynyň söwda merkezlerine ýaýradylýar. Önümçiligiň gelip gowuşýan sargytlardyr buýurmalar esasynda alnyp barylmagy bolsa bu ýerde egin-eşikleriň has-da gerimli öndürilmegini üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Mekdep möwsüminiň öňüsyrasynda bu ýerdäki işler has-da gyzyşýar. Şeýlelikde, önümleriň geçginliligi artyp, çagalar üçin niýetlenen köýnekleriň, penjeklerdir jalbarlaryň her günde 300-den gowragy tikilýär. Kärhananyň şeýle önümleri şu günler gyzgalaňly dowam edýän mekdep bazarlarynyň hem bezegine öwrülýär.

Ответить