«Ussat halypa» mekdep bazarlarynyň tekjelerini okuwçy depderleri bilen üpjün etdi

«Ussat halypa» hususy kärhanasy ýokary hilli önümi  –  okuwçy depderleri bilen şu günler ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan mekdep bazarlarynyň tekjelerini üpjün etdi. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 12-nji awgustyndaky №33 (727) sanynyň «Importyň ornuny tutýan önümlerimiz» diýlip atlandyrylan 5-nji sahypasynda çap edilen ««Ussat halypanyň» okuw depderleri» atly makalada habar berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ussat halypa» hususy kärhanasy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýär. «Ussat halypa» hususy kärhanasy 2017-nji ýyldan bäri mekdep okuwçylary üçin niýetlenen okuw depderleriniň önümçiligini alyp barýar.

Häzirki wagtda bu ýerde alnyp barylýan önümçilikde Hindistan Respublikasynyň kämil tehnologiýalaryndan peýdalanylýar. Kärhanada şol enjamlardan ýokary derejede baş çykarýan işçi-hünärmenleriň 40-sy zähmet çekýär. Olaryň aglabasynyň ýaşlar bolmagy işleriň döwrebap hem işjeň alnyp barylmagyny şertlendirýär.

Hususy kärhanada işleri has-da kämilleşdirmek üçin netijeli ädimler ädilýär. Häzirki wagtda önümçilik bölüminde has hem döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýapon kompaniýasy bilen bilelikde netijeli işler utgaşdyrylýar. Hususy kärhananyň esaslandyryjysy Tirkiş Täçmuhammedow munuň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm mümkinçilikleri emele getirjekdigini gürrüň berýär.

— Täze tehnologiýalary ornaşdyrmagymyz işimizi kämilleşdirmegimizde, mümkinçiliklerimizi giňeltmegimizde möhüm ähmiýete eýe bolar. Elbetde, biziň kärhanamyz häzirki wagtda hem uly kuwwaty bilen tapawutlanýar. Şu günki gün onuň her aýda 4 million depderi öndürmäge mümkinçiligibar. Tehnologik binýadymyzy has-da kämilleşdirmegimiz bolsa biziň bu ugurda has uly görkezijilere uzaýan menzillerimiziň möhüm ädimlerini emele getirer.

Watanymyzda türkmen telekeçileridir senagatçylary üçin döredilýän şertler biziň önümçiligimizi has-da giňeltmegimiz, kämilleşdirmegimiz üçin täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi bizde has-da netijeli işlemäge ynam döredýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň ählisiniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygymyzy beýan edýäris — diýip, T.Täçmuhammedow belleýär.

«Ussat halypa» hususy kärhanasynyň önümleri — ýokary hilli okuwçy depderleri bu gün ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan mekdep bazarlarynyň tekjelerini bezeýär.

Ответить