«R Fazil» haryt nyşanly önümler müşderileriň söýgüli harydy

Möwsümleýin egin-eşikleriň öünmçiligini alyp barýan Yhtyýar Rozmetowyň ýolbaşçylygyndaky kärhanada indi birnäçe ýyldan bäri «R Fazil» haryt nyşany bilen çagalar, ýetginjekler we uly ýaşlylar üçin sport egin-eşikleri, sport köýnekleri, ýyly eşikler, möwsüme görä ýeňsizler, keltekçeler, gyzlar üçin gimnastika eşikleri, mekdep okuwçylary üçin okuw torbalary we dürli ýaşdaky adamlara niýetlenen ýantorbalar tikilýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 12-nji awgustyndaky №33 (727) sanynyň «Importyň ornuny tutýan önümlerimiz» diýlip atlandyrylan 5-nji sahypasynda çap edilen «Esasy maksat – ýokary hil» atly makalada habar berildi.

Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän tikinçilik bölüminde häzirki wagtda 300-e golaý işgär zähmet çekýär. Bu ýerde tikin ugurlary boýunça birnäçe bölümler hereket edýär. Her bölümiň öz biçimçileri, tikinçileri bar. Tikinçilik bölüminde ýylyň dowamynda sport egin-eşikleriniň we köýnekleriň, ýyly hem möwsümleýin eşikleriň, ýantorbalaryň müňlerçesi taýýarlanyp, diňe bir welaýatyň çägine däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki künjeklerine hem satuwa ugradylýar. Hususy telekeçi tarapyndan şäheriň ýanaşyk etraplarynda tikinçilik bölümleriniň açylmagy täze iş orunlarynyň döremegine, önümleriň görnüşiniň artmagyna ýardam edýär.

Ответить