Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Düýn –  2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ankarada saparda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow türk Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi 

Duşuşykda syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depgininden çuňňur kanagatlanma bildirdiler we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny bellediler. Şeýle hem sebitara we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary babatda pikir alşyldy.

Ответить