Hytaýda elektrik awtoulaglaryna 11 minutda zarýad berýän tehnologiýa oýlap tapyldy

Hytaýyň awtoulag öndürijilerinden biri bolan «Zeekr» korporasiýasy elektrik awtoulaglaryna 11 minutda zarýad berýän tehnologiýany oýlap tapdy. Bu barada «BBC» habar berdi.

Bilibili platformasynda geçirilen tanyşdyryş dabarasynda «Zeekr»  korporasiýasynyň wekilleri ulaglaryna bary-ýogy 11 minutda 80 göterime çenli zarýad berip boljakdygyny habar berdiler. Tehnologiýa täze litiý demir fosfat (LFP) batareýalarynyň çykmagy bilen baglanyşyklydyr.

Täze batareýalar aşa agyr şertlerde has gowy zarýad beriş öndürijiligini üpjün edip biler. Şeýlelik bilen, -10 dereje çenli bolan temperaturada batareýany bary-ýogy 30 minutda 10 göterimden 80 göterime çenli zarýaddan dolduryp bolýar. Bu mümkinçilik  ösen batareýa dolandyryş ulgamy  arkaly mümkin boldy.

«Zeekr 007» awtoulaglarynda täze LFP batareýalary peýda bolar. Korporasiýa eýýäm 500 sany beket (stansiýa) gurandyklaryny habar berdi. Awtoulag öndürijisi 2026-njy ýyla çenli Hytaýda 10,000 sany çalt zarýad beriş bekedini (stansiýasyny) gurmagy meýilleşdirýär.

Mediýa žurnalistleriniň habar bermegine görä, Hytaýyň «GAC-Aion» kompaniýasy «Zeekr» korporasiýasyndan has öň, 2021-nji ýylda 8 minutda zarýad alýan batareýany oýlap tapandyklaryny aýtdy.Ýöne, bu tehnologiýa giňden ýaýramady.

Ответить