Koreýa Respublikasynyň mekdeplerinde emeli aňly okuw gollanmalary ornaşdyrylyp başlandy
Koreýa Respublikasynyň mekdepleri «geljegiň synp otaglary» taslamasynyň çäginde emeli aňly okuw gollanmalaryny ornaşdyryp başladylar. Bu barada «Zaman Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky 33/1599 belgili sanynyň 4-nji sahypasynda habar berildi.
2023-nji ýyldan bäri LG ýurduň 18 mekdebinde eýýäm ýola goýlan şeýle synp otaglaryny döredip başlady. Bu okuw otaglarynda mugallymlara we okuwçylara kömek edip biljek emeli aň bilen enjamlaşdyrylan CLOi adamsypat robotlaryna birikdirilen sanly tagtalar gurnalandyr.
Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrligi emeli aňly sanly okuw gollanmalaryny ornaşdyrmak boýunça meýilnamasyny mälim etdi.
2025-nji ýyldan başlap, täze okuw gollanmalary matematikany, informatikany, koreý we iňlis dillerini öwrenmek maksady bilen ulanylar. 2028-nji ýyldan başlap, olar jemgyýeti öwreniş bilimi, taryh, tebigy ylymlar we tehnologiýa ýaly ugurlary hem öz içine alar.
Emeli aňly okuw gollanmalaryny işläp düzmek işleri bilen «Samsung» we LG kompaniýalary meşgullanýar. Gollanmalary köp dillerde ulanyp bolar. Goşmaça funksiýalary entek mälim edilmedi.
– Mugallymlar okatmagyň netijeli usullaryny işläp düzmek bilen emeli aň esasly sanly okuw gollanmalaryny ulanmakda aýgytly ädim ädýärler – diýip, ýurduň bilim ministri Li Ju Ho aýtdy.