Bol­ga­ri­ýa­ ýew­ro­ny mil­li pul birligi hök­mün­de do­la­ny­şy­ga gi­ri­zer

Bol­ga­ri­ýa­nyň Halk ýyg­na­gy (par­la­ment) ýew­ro­nyň mil­li pul birligi hök­mün­de do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi­ni tas­syk­la­ýan ka­nun ka­bul et­di. Bu barada «Zaman Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky 33/1599 belgili sanynyň 4-nji sahypasynda çap edilen «Bol­ga­ri­ýa ýew­ro ge­çer» atly makalada habar berildi.

Täze ka­nun Bol­ga­ri­ýa­da ýew­ro­nyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi­niň ýö­rel­ge­le­ri­ni we ka­da­la­ry­ny ter­ti­be sa­lyp, ýew­ro ge­çi­şiň düz­gün­le­ri­ni kes­git­le­ýär hem-de ra­ýat­la­ra tä­ze wal­ýu­ta uý­gun­laş­ma­ga wagt ber­jek ge­çiş döw­rü­ni gi­riz­ýär. Bol­ga­ri­ýa­da ýew­ro­nyň do­la­ny­şy­ga goý­be­ril­jek wag­ty he­niz kes­git­le­nil­me­di. Onuň wag­ty Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan kes­git­len­me­li diý­lip, ha­bar­da bel­le­nil­ýär.

Ýew­ro­nyň bol­gar le­wi bi­len bir­lik­de do­la­ny­şyk­da bol­ma­gy ýe­ke-täk Ýew­ro­pa pu­lu­nyň gi­ri­zil­me­gin­den soň bir aýa çen­li do­wam eder. Ge­çiş döw­ri gu­ta­ran­dan soň, bol­gar pu­ly do­la­ny­şyk­dan do­ly aý­ry­lar. Ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň ba­ha­la­ry bol­sa, ýy­lyň do­wa­myn­da iki pul bir­li­gin­de-de gör­ke­zi­ler.

Bol­ga­ri­ýa­nyň Halk ban­ky ka­nu­na la­ýyk­lyk­da, ra­ýat­la­ryň ka­gyz pul­la­ry­ny we şa­ýy­lyk­la­ry­ny res­mi nyrh­da çäk­len­di­ril­me­dik muk­dar­da, wag­ty çäk­len­dir­mez­den we hyz­mat üçin tö­leg al­maz­dan ýew­ro bi­len ça­lyş­ma­ga borç­ly edil­di.

Ответить